Akyldar şahyra belent sarpa

26 Noýabr 2024
309

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri nusgawy edebiýatymyzyň, meşhur şahsyýetleriň sarpalanýan ajaýyp zamanasydyr. Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şöhrat-şanynyň tutuş Ýer ýüzünde täze öwüşgin, täze ruh bilen belentden ýaýbaňlandyrylmagy bagtyýar halkymyzyň köňlüne joşgun berýär. Çünki beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy döwürleriň hem nesilleriň şahyry hökmünde biziň kalbymyzda hem aňymyzda hemişelik ýaşaýar.

Türkmeniň ruhy äleminde öçmejek yz goýan, söz mülkünden köşk gurup, adamzat ähliniň ruhy gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasy ýurdumyzda belentden tutulýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine iňňän ýokary ähmiýet bermek bilen, şeýle belleýär: «Ruhy baýlyk ebedi ýaşaýar. Magtymguly akyldaryň mirasy hem şeýle baýlykdyr. Halkymyzyň hakydasynda ýaşaýan, zandyna ornan mirasydyr». Akyldaryň il-halkyň, adamzat kowmunyň agzybirligine, jebisligine, ynsanperwerligine bagyşlanan pikirlerini döwletara gatnaşyklara geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary taýsyzdyr. Dostlukly ýurtlarda akyldaryň ýadygärlik heýkelleriniň oturdylmagy, goşgularynyň çap edilmegi onuň ýagty pikirleriniň muşdaklarynyň köpdügini aňladýar. Magtymgulynyň ýoly, goýup giden beýik mekdebi özünden soňky nesiller tarapyndan hemmetaraplaýyn dowam etdirildi hem-de ösdürildi. Onuň edebi mekdebini ençeme nusgawy şahyrlarymyz dowam etdirdiler. Häzirki ajaýyp döwürde dana Pyragynyň döredijiligi dünýäniň dürli döwletlerinde giňden wagyz edilýär. Bu gün ýurdumyzyň ähli ýerinde, dünýäniň köp ýurtlarynda Magtymguly Pyragynyň ady ýaňlanýar.

Merjen MÖWLAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 78-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar