Kitap — bilimler çeşmesi

26 Noýabr 2024
318

Kitap egsilmez hazynadyr. Kitap asyrlardan asyrlara, nesillere bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan baýlygy ýetirýän gymmatlykdyr. Özi hem döwürleriň synagyndan geçen, hiç haçan könelmeýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde kitabyň uly orny bar. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir. Şonuň üçin hem ylmy gözlegde bolmak we kämillige gadam basmak ylmy garaýyşlaryň üsti bilen mümkin bolýar.

Geçmişdäki danalaryň, alymlaryň paýhasly jümlelerini öwran-öwran okaýarys. Bu parasatly sözler durmuş, ylym, dost-doganlyk hakyndaky pikirleri özünde jemleýär. Bu jümleleri okamak, ýol-ýörelge edinmek ynsanyň kämilligi bolup durýar. Emma iň esasy kämillik okamakdyr. Okaýan ynsan kämillige ýetýär, giň düşünjeli bolýar, ylym-bilime düşünýär. Kämillige barýan ýol okamagyň üsti bilen amala aşýar. Türkmen halky kitaba, ylym-bilime aýratyn sarpa goýýar. Esasan-da, kitap okamak, kitaby hemra edinmek asylly ýörelgämizdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýmek bilen, kitabyň many-mazmuny hakynda çuňňur beýan edýär. Şonuň üçin hem pähimdar pederlerimiz ýaşlara terbiýe berenlerinde ylym-bilimli bolmagy, kitaphon bolmagy wesýet edipdirler.

Maral NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar