Magtymgulynyň döredijiligi milli medeniýeti ösdürmekde ähmiýetlidir

25 Noýabr 2024
271

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti has belent mertebä göterildi. Akyldaryň döredijiligi nusgawy edebiýatymyzyň görnükli şahyrlarynyň, soňky döwürlerdäki döredijilik adamlarynyň kämilleşmegine batly itergi berdi. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekiliniň eserleri milliligi we halka ýakynlygy bilen kalplarda baky orun aldy. Milli medeniýetimizi öwrenmekde Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi gymmatly hazynadyr. Halkymyz şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýup, ony ýankitap hökmünde peýdalanýar. Türkmeniň beýik akyldar şahyry durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döretmek bilen, baý edebi mirasy galdyrdy.

Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry hökmünde meşhurdyr, çünki akyldaryň goşgulary ähli ynsanlar üçin paýhasdyr, öwüt-nesihatdyr. Şahyryň millilige, ynsanperwerlige ýugrulan çeper döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Akyldar şahyryň edepliligi, agzybirligi, halallygy wagyz edýän goşgulary ynsan ruhuny baýlaşdyrýar.

Ejekeýik KURBANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar