Dirižýor näme üçin gerek? (Sungatyň dili)

25 Noýabr 2024
258

Orkestri dirižýorsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Islendik simfoniki orkestriň baş gahrymany elmydama ortarada duran — eli taýajykly kişi. Ýöne biziň köpimizde şeýle sowal bar: «Eger-de sazanda öz notalaryny özi okap bilýän bolsa, onda dirižýor näme üçin gerek?». Bu sowala jogap edip, dirižýorlyk hakda käbir maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

«Dirižýor» sözi fransuz dilinden terjime edilende, «ugrukdyrmak», «gönükdirmek», «ýolbaşçylyk etmek» diýen manylary aňladýar. Ol orkestr we hor bilen ýerine ýetirilýän eserleri öwrenmekde hem-de diňleýjilere hödürlemekde esasy adamdyr. Saz eseriniň çeperçiligi gönüden-göni dirižýora bagly bolup, ol ansambl tarapynyň sazlaşygyny hem-de ýerine ýetirilişiň tehniki kämilligini üpjün edýär. Dirižýor diňe orkestrdäki sazandalaryň sazlaşygyny üpjün etmän, eýsem, olara haýsy wagt nähili tizlikde çalmalydygyny-da aýdýar. Eseriň häsiýetini, manysyny düşündirmek hem oňa baglydyr. Ol notalary üýtgedip bilenok, emma eseriň tizligine görä dürli öwüşginleri çaýyp bilýär. Eger-de eser gadymy bolsa, dirižýoryň işi kynlaşýar, çünki onuň hakyky heňini tapyp bilýänler örän az. Saz eserlerini kompozitoryň ýaşan döwrüne laýyk ýerine ýetirmek dirižýordan, ilkinji nobatda, ussatlygy we çuňňur sowatlylygy talap edýär. Diňe ussat dirižýorlar döwrüň ruhuny duýup, adaty nota ýazgylaryny janly mukama öwürmegi başarýar.

Erjel ÝAGŞYMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.
Beýleki habarlar