«Ol şygy Fuzulyga sözüm bolsa barabar»

25 Noýabr 2024
245

Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragy özünden öňki ýaşap geçen ägirtleriň döredijiligine ýygy-ýygydan salgylanypdyr. Munuň şeýledigine şahyryň ençeme şygyrlary hem şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä edebiýatynyň wekilleriniň çeper döredijiligi bilen deňeşdirsek, olaryň şygyrlarynda diliň çeperçilik serişdeleriniň, söz düzümleriniň we tematikasynyň meňzeşligini görmek bolýar. Muňa mysal edip, Pyragy bilen ondan iki asyr ozal Yrakda ýaşap geçen türkmen şahyry Muhammet Fuzuly Baýatlynyň şygyrlaryndaky umumylyklary agzamak bolar. 

Magtymguly Pyragy Yrakda ýaşap geçen türkmen şahyry Muhammet Fuzuly Baýatla uly hormat goýupdyr we onuň edebi döredijiliginden täsirlenipdir. Dana şahyr «Ol şygy Fuzulyga sözüm bolsa barabar» diýen setirleriniň üsti bilen Muhammet Fuzuly kimin aryf, akyldar derejesine ýetmegi höwes edipdir.

Ýazgül MERGENOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar