Watany söýmegiň mekdebi

4 Ýanwar 2021
1933

Zeminiň parahatçylygy, halklaryň dostlugy, jemgyýetiň durnuklylygy ynsanlaryň ýagşy umyt-arzuwlarynyň rowaç bolmagynyň ilkinji şertleri hasaplanýar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ählumumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagy, ýurduň asudalygy, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň ygtybarly goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenýär. Toplumlaýyn özgertmelerde halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi baş wezipe hökmünde öňe çykarylýar. Ata Watanymyzyň goragynda takyk tabşyryklary ýerine ýetirýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Akyldar danalar «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Merdi sylan — merdana» diýen we başga-da ençeme parasatly pähimleriň üsti bilen Watanyňa, halkyňa wepalylyk baradaky düşünjeleri milli edep-kadalaryň, ahlak päkliginiň özenine deňäpdirler. Duşmana gaýtawul bermekde gaýduwsyzlyk görkezen edermen ata-babalarymyz nesil terbiýesinde dogduk mekana ygrarlylyk duýgularynyň kemala getirilmegini öňdäki orunda goýupdyr. Perzentleriniň goç ýigitler, asylzada gyzlar, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri hakyndaky arzuwlaryny ene hüwdüsine, ata pendine siňdiripdir. Milli oýunlara ýaşlaryň özüne erk edijilik, şahsy ugurtapyjylyk, ykjamlyk, çakganlyk, erjellik endiklerini ösdürýän tilsimleri girizipdir. Şol oýunlar ýigitleriň başarjaňlygyny ýokarlandyrmak, bedenini taplamak bilen, harby türgenleşik okuwlarynda, söweş hereketlerinde üstünlik gazanmagyna ýardam edipdir.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar