Pyragynyň Britaniýadaky golýazmasy

25 Noýabr 2024
233

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň nusgalary dürli ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrapdyr. Dana akyldaryň Ýewropada üç sany golýazmasynyň saklanýandygy mälimdir. Olar Arminiý Wamberiniň Budapeşte elten golýazmasy, Germaniýanyň Bremen golýazmasy hem-de Britan muzeýindäki golýazmadyr. 

Britan muzeýiniň Gündogar bölümine indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri iňlis alymy Džon Hartli ýolbaşçylyk edip gelýär. Rus, arap-pars dillerinden ýeterlik baş çykarýan, musulman dinini kabul edip, Muhammet Isa Weýli diýen ady alan bu alym bilen biz eýýäm birnäçe ýyl bäri döredijilik gatnaşygyny saklap gelýäris. Bu gatnaşygymyzyň düýp özeni Pyragynyň muzeýde saklanýan golýazmasy bilen baglanyşyklydyr. Beýik akyldaryň golýazmasynyň gymmatynyň egsilmezligi bizi bu ugurda yzygiderli söhbet etmäge iterýär. Şu jähetden, Muhammet Isa Weýliniň beren gürrüňleri esasynda taýýarlan makalamyzy okyjylara ýetirmegi müwessa bildik.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar