Azadynyň gymmatly mirasy

25 Noýabr 2024
209

 Akyldar şahyrlarymyz Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwürlerine ser salsaň, türkmenleriň agyr durmuşy, galagoply döwri başdan geçirendigine göz ýetirýärsiň. XVIII-XIX asyryň sepgitlerinde halkymyz daşky hökümdarlaryň gazaply syýasatyna, rehimsiz urgulara, talaňçylyklara sezewar bolupdyr. Türkmen halkynyň şeýle agyr jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýy, çylşyrymly zamanasy parasatly Azadyny we akyldar Magtymguly Pyragyny orta çykarypdyr.

Döwletmämmet Azady «Wagzy-azat» atly taryhy eserinde özbaşdak döwlet gurmak baradaky pikirleri we ýörelgeleri ündän, ötgür galamy bilen halkynyň bagtly geljegi üçin ynamly we batyrgaý hereket eden beýik şahsyýetdir. Azady bu kitabyny ýazmakda Gündogaryň Firdöwsi, Nyzamy, Sagdy, Nowaýy ýaly beýik şahyrlarynyň wagyz-nesihat beriji «Şanama», «Syrlar hazynasy», «Gülüstan», «Bossan», «Haýratul-ebrar» eserlerinden we beýleki traktatlaryndan, poemalaryndan görelde alyp, olary döredijilikli özleşdiripdir. «Wagzy-azat» eseri hem beýleki birnäçe orta asyr eserleri ýaly, Allatagala, Muhammet pygambere we dört çaryýara mynajat sözleri bilen başlanýar. Eseriň ilkinji baby, däp bolşy ýaly, hökümdarlar we olara mahsus bolmaly gylyk-häsiýetler hakyndadyr. Akyldar şahyrymyz bu eserinde taryhda uly yz galdyran Gaznaly hökümdarlary Söbüktegini hem-de soltan Mahmydy nusgalyk hökümdarlaryň keşbinde wagyz edýär. Mahmyt Gaznalynyň 999-njy ýylda Buharanyň alymlaryny, 1017-nji ýylda Gürgenjiň beýik danalaryny, 1001 — 1026-njy ýyllarda Hindistana guran ýörişlerinde hindi akyldarlaryny Gazna jemläp, olara howandarlyk edendigi baradaky taryhy maglumaty muňa subutnama hökmünde mysal getirmek bolar. Gaznaly türkmen döwletiniň hökümdarlary Söbükteginiň (977 — 997 ý.) we onuň ogly soltan Mahmydyň (998 — 1030 ý.) dolandyran ýyllarynyň Gaznaly döwletiniň ösüşiniň iň ýokary çägine ýeten döwri hasaplanandygy hem aýratyn bellärliklidir.

Saparmyrat GARATAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar