Kämillige gol berip

4 Ýanwar 2021
2280

Allamyrat Atadurdyýewi Bäherden etrabynda ussat agaç ussasy hökmünde tanaýarlar. Onuň il içinde ýörgünli ady Röwşen. Ol eli çeper dokmaçy gelin-gyzlara syndy, keser, pyçak, darak ýasamagy kakasyndan öwrenipdir. Röwşeniň dogany Annamyrat hem bu kespden kemal tapan. Mahlasy, doganlar darak, syndy, keser ýasap, il-günüň alkyşyna mynasyp bolup gelýärler.

Röwşen ussa keser barada aýdyp, ony köne byçgylardan, arylardan bölekläp ýasaýandygyny, onuň sapynyň tut agajyndan 7-8 santimetre barabar uzynlykda edilýändigini gürrüň berdi. Keseriň ýiti boldugyça, işiň öndümliligine nepi kän bolýar. Syndy hem demirden ýasalyp, onuň sapy 18-20 santimetre, ini bolsa 2,5 santimetre çenli bolýar. Sekizlik belgili sim onuň sapynyň berkidilmegi üçin zerurdyr. Ýörite çarçuwalar, tutar ýaly gulagy edilenden soň, syndynyň aşak tarapyna ýörite gat goýulýar, bu esasan hem gatly syndyda şeýle edilýär. Çünki gatly synda adyndan hem belli bolşy ýaly, demirden, kagyzdan ýörite gat goýulýar, bu onuň yrgyldap, gozganyp durmazlygy üçindir. Syndynyň joýaly syndy diýlip atlandyrylýan görnüşi-de bar, onuň özünde aýlaw bolany üçin, bu syndyny gatlamak zerur däl.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar