Dost-doganlygyň dabaralanmasy

23 Noýabr 2024
274

Watanymyzyň her biri güni toý-baýrama, şatlykly we buýsançly wakalara utgaşýar. Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berdi. Bu dabaranyň çäginde türki dilli halklaryň sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi, onda türkmen, türk, özbek, gyrgyz, gazak dillerinde aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy her birimiziň şatlygymyza şatlyk goşdy.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli şanly ýylymyzyň dowamynda geçirilen çäreleriň üstünlige beslenendigini uly buýsanç bilen aýdyp bileris. TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň, ýazyjy-şahyrlaryň, teatr, kino işgärleriniň, suratkeşleriň, aýdymçy-sazandalaryň, döredijilik toparlarynyň işjeň gatnaşmagynda guralan çäreler aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen guralan şeýle giň göwrümli çäreler türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny, doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda ähmiýetli boldy. Munuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Leýli ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.
Beýleki habarlar