Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda bilim ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz: «Bilim ulgamy jemgyýetimiziň, ýurdumyzyň, onuň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň we beýleki ugurlarynyň ösüşini üpjün edýär» diýip belleýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda türkmen-rus dilleriniň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär we uly işler amala aşyrylýar.
Dil bilimine degişli bolan käbir meseleler diňe bir diliň mysalynda däl-de, ähli dilleriň mysalynda düşündirilse oňat netije berýär. Talyplara diller hakyndaky maglumatlary nazary taýdan umumylaşdyryp, diliň düýp manysy, häsiýetli alamatlary, onuň ösüş kanunlary öwredilse netijesi gowy bolýar.