«ATP Fi­nals»-da çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji ita­li­ýa­ly ten­nis­çi

22 Noýabr 2024
181

Ten­nis bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da­ky möw­sü­miň jem­leý­ji ýa­ry­şyn­da ita­li­ýa­ly Ýan­nik Sin­ner ýe­ňi­ji bol­dy. Ol ýur­du­nyň Tu­rin şä­he­rin­de gu­ra­lan 55-nji «ATP Fi­nals» ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da ame­ri­ka­ly Teý­lor Frit­si 2 set­de-de 6:4-lik ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Ol to­par­ça­da-da Frit­si edil fi­nal­da­ky ýa­ly edip ýe­ňip­di. Bu onuň şu ýa­ryş­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Ga­ly­ber­se-de, bu onuň möw­süm­dä­ki 8-nji ku­bo­gy, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 18-nji ATP çem­pi­on­ly­gy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Sin­ner soň­ky 38 ýyl­da möw­sü­miň jem­leý­ji ýa­ry­şyn­da to­par­ça­da­ky 3 du­şu­şy­gyn­da (Da­ni­il Med­we­dew — 6:3, 6:4; Teý­lor Frits — 6:4, 6:4; Aleks di Mi­no­ry 6:3, 6:4), şol san­da ýa­rym fi­nal­da (Kas­per Ru­ud — 6:1, 6:1) hem-de fi­nal­da gar­şy­daş­la­ry­ny 2 set­de ýe­ňen, baş­ga­ça aý­dy­lan­da, ýe­ke set­de hem utul­man çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji ten­nis­çi diý­lip bel­li­ge alyn­dy. Soň­ky ge­zek Iwan Lendl 1986-njy ýyl­da şeý­le sta­tis­ti­ka bi­len çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Şol bir wag­tyň özün­de Sin­ner bu ýa­ryş­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji ita­li­ýa­ly ten­nis­çi­dir. Sin­ner bir ýy­lyň do­wa­myn­da «Awst­ra­li­ýa Açyk», «Ame­ri­ka Açyk» hem-de «ATP Fi­nals» ýa­ryş­la­ryn­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan 3-nji ten­nis­çi bo­lup, on­dan öň Fe­de­rer bi­len Jo­ko­wiç şeý­le ba­şar­nyk gör­ke­zip­di.

ATP sa­na­wy­nyň 1-nji bel­gi­li ten­nis­çi­si Ýan­nik Sin­ner ge­çen ýy­lam fi­na­la çy­kyp­dy. Ýö­ne ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç­den as­gyn ge­lip­di. Umu­my baý­rak gaz­na­sy 15 mil­li­on 250 müň dol­la­ra deň bo­lan ýa­ryş­da Sin­ner ýe­ňi­ji hök­mün­de 2 mil­li­on 237 müň 200 dol­lar pul baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy.

Beýleki habarlar