Akyldar ahlak barada

21 Noýabr 2024
266

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýen setirleriniň aňyrsynda çuň many ýatyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň mizemez ýörelgelerine sarpa goýmak — özüňe sarpa goýmakdyr, ýagny öz geçmişiňe, şu günüňe sarpa goýmakdyr we geljegiňi kämil gurnamak baradaky akylly-başly aladaňdyr.

Dana-pähimdarlar öz döredijiligi bilen medeniýeti ösdüripdirler hem baýlaşdyrypdyrlar. Medeniýet bolsa ynsanlaryň özüni alyp barşyny şertlendirýär. Biziň gürrüňini etmek isleýän gymmatlygymyz içki eşretler — ahlak gymmatlygydyr. Meşhur nemes filosofy I.Kant tarapyndan XVIII asyrda ulanylyşa girizilen «gymmatlyk» düşünjesi jemgyýetdäki ahlak gymmatlyklaryny nazara alýar. Onda bagtyýarlyk, uzak ömürlilik, beden we ruhy sagdynlyk, ony gazanmak üçin adamy söýmek, edeplilik, däbe eýermek, alymlyk, parasatlylyk, asyllylyk ýaly häsiýetlere eýe bolunmalydygy hakynda aýdylýar. Asyllylyga ajaýyplyk hökmünde baha berilýär, özüňi alyp barmagyň etiki kadalary estetiki öwüşgine eýe bolýar.

Ogulmaral BERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar