Ussatlaryň edebi gatnaşyklary

21 Noýabr 2024
290

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli edebi mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmekde alnyp barylýan işler dünýä ylmynyň ösüşine itergi berýär. Bu ugurda amal edilýän işler Magtymgulyny öwreniş ylmynyň öňünde has-da uly wezipeleri goýýar. Bu işler beýik Pyragynyň edebi däplerine eýerenleriň döredijiligini öwrenmegiň möhümdigini hem kesgitleýär.

Ylmy barlaglar Magtymguly Pyragynyň mirasy bilen XVIII asyr türkmen edebiýatynyň taryhynda döredijiliginiň gerimi hem mazmunynyň köpgyraňlylygy babatda tapawutlanan şahyrlar Abdylla Şabendäniň döredijiliginiň özara baglanyşyga eýedigini ýüze çykarýar. Bu hakda alym Gurbandurdy Geldiýew «Abdylla Şabende» diýen işinde ýörite durup geçip, halk rowaýatlaryna salgylanyp, Şabendäniň Magtymguly bilen dostana gatnaşykda bolup, oňa ussady hökmünde garandygyny belläp geçýär.

Atamyrat ŞAGULYÝEW.
Beýleki habarlar