Osman awçy

21 Noýabr 2024
308

(bolan waka)

Osman awçy diňe bir özüniň mergenligi üçin däl-de, eýsem, batyrlygy, hüşgärligi, töwekgelligi, ugurtapyjylygy hem-de paýhaslylygy üçin obadaşlary tarapyndan çäksiz sarpalanýardy. Oba adamlarynyň haýyşy bilen, kämahallar ol goşlaryny jemläp, birnäçe günlük daglara giderdi. Iş wagtynda, toýlarda göreş tutulanda ýa-da başga dürli ýagdaýlarda adamlaryň elleriniňdir aýaklarynyň süňkleriniň döwülýän, çat açýan wagtlary bolýardy. Syrkawlara melhem bilen em edýän Durdy tebibe, köplenç, mumyýa gerek bolanda, Osman awça ýüz tutmaly bolýardy. Mumyýa gaýalaryň çür başynda, ýylçyr ýerlerde bolagandy. Elýeterden uzakda, baryp bolmaýan aglaba halatlarda, mumyýany atyp almaly bolýardy.

Töre NOBATOW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar