Nasyrjan Joraýew, özbek ýazyjysy
Ol eli bilen diwardaky sagady görkezdi. Ene-atasy onuň näme diýjek bolýanyna düşündi. Diýmek, ogullary ýatmakçy bolýar. Ol ýuwaşlyk bilen ýerinden turup, öz otagyna ýöneldi. Ol çagaka ukusy tutsa aglardy. Şeýdibem ýatmak isleýändigini duýdurardy. Agy-garany saýgaryp ugranyndan soň, has takygy, kakasy şu asma sagady getireli bäri, ol ýatmakçydygyny sagada ümläp düşündirerdi. Ene-atasy geplemekden dogabitdi mahrum ýalňyz ogullarynyň diňe bir bu hereketini däl, eýsem, her bir gymyldysyndan onuň näme diýmek isleýändigine düşünerdiler. Bu gün şol hereket ýene bir gezek gaýtalandy.