Döwrebap ösüşler

19 Noýabr 2024
405

Ýurdumyzy ylym we sanly tehnologiýalar esasynda senagatlaşdyrmak, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler sazlaşykly ösüşi üpjün edýär. Ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmakda, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ylmy ösdürmegiň häzirki zaman nusgalaryna çalt depginde geçmek, düýpli hem amaly ylymlaryň, ylma esaslanýan tehnologiýalaryň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, ýokary taýýarlykly ylmy işgärleri, hünärmenleri taýýarlamak döwletimizde möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar, täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen şertlenilýär. Ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly täze senagat düzümlerini kemala getirmegiň hasabyna çalt depginde döwrebaplaşdyrmak syýasaty işjeň amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda öňe sürlen maksatnamalar ylmy taýdan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Mary welaýatynyň çäginde «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň gurluşygyna badalga berildi. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ynsanperwer syýasaty dünýäde uly goldawa eýe bolup, ýurdumyzyň ylmy ösüşini işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýeti innowasiýa taýdan ösdürmegi çaltlandyrmak, işewürlik hem-de maýa goýum işjeňligini artdyrmak, öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny jemgyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak boýunça alyp barýan döwlet syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Oguljahan TÄÇMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar