Ýeňijiler öňe saýlandy

17 Noýabr 2024
477

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda halkara derejesinde dabaralardyr çäreler, dürli bäsleşikler, sergiler we festiwallar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) arasynda medeni gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň halklaryny medeniýetleriniň, däpleriniň, sungatlarynyň ýakynlygy birleşdirýär.

Öňňin paýtagtymyzyň «Aşgabat» myhmanhanasynda 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» we Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, türki dünýäsiniň düzme ýazmak ussatlygy boýunça we ýaş suratkeşleriň halkara bäsleşikleriniň ýeňijilerine Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu halkara bäsleşikde ýaşlar özleriniň çeken suratlaryny, düzme ýazmakda başarnyklaryny görkezdiler. Biz bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny gazetimiziň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

Taýýarlan Bagty ÖDEGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar