Hormatly Prezidentimiziň: «Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir» diýip belleýşi ýaly, häzirki zaman özgertmelerinde bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan giň gerimli çäreler eziz Diýarymyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli syýasatyň strategik ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň, gurmagyň nusgalyk ýolundan ynamly öňe barýan häzirki döwrümizde milli tejribelere eýerip, dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Orta bilimde innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly öwretmegiň täze usullaryna daýanylýar. Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşmagy halkara bilim giňişliginde soňky gazanylanlara esaslanýan täzeçe işlemek mümkinçiliklerini döredýär. Bu bilim bermekde, dürli okuw sapaklaryny öwretmekde hem şeýledir. Okuw işinde innowasion tehnologiýalaryň möhüm ornunyň bardygyny kompýuter arkaly okuwlar guralanda ulanylýan dürli görkezmeleriň, audioýazgylar arkaly guralýan sapaklaryň ýokary netijeliligi hem aýdyň görkezýär. Şonuň üçin hem häzirki döwürde innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar, matematika, fizika, geografiýa, taryh, himiýa, biologiýa ýaly okuw dersleridir iňlis, rus, nemes, arap, pars, hytaý, ýapon, hindi ýaly birnäçe diller öwredilýär. Bu özara baglanyşykly, toplumlaýyn işler ýurdumyzyň bilim binýadyny has-da berkitmek bilen birlikde, ilkinji nobatda, bilimli, ylymly, Watanyň beýik geljegi, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine, jemgyýetimizde ykdysady ösüşleriň ygtybarly daýanjy hasaplanýan bilimiň gymmatynyň has-da artmagyna oňyn täsir edýär.