Magtymgulynyň döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti

17 Noýabr 2024
377

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri, Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelenmekleri ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaş nesilleri terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň setirlerinde öňe sürülýän pikirler, beýan edilýän meseleler, öwüt-ündewler örän çuň mana ýugrulandyr.

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň mazmuny bilen utgaşyp, nesilleri milli ruhda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýär. Dana şahyryň eserleri ýaşlarda watançylyk duýgusyny ösdürmegiň egsilmez çeşmesi hökmünde çykyş edýär. Magtymguly Pyragynyň umumadamzat jemgyýetçiligi üçin saýlap alan iň bähbitli ýoly öwüt-nesihat ýoludyr. Bu babatda şahyr «Maksadym nesihat etmekdir halka» diýip, nesihat edipdir. Şahyryň taraşlap, şagladyp, bize ýadygärlik goýan edebi mirasy örän giň we köptaraplydyr. Akyldaryň şygyrlary häzirki wagtda ýaş nesilleri halkymyzyň milli ruhy baýlyklary esasynda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir. Dana Pyragynyň döredijiliginiň umman ýaly giňdigi, Zemin ýaly bereketlidigi, asman ýaly belentdigi üçin pähim-paýhasa, belent adamkärçilige, ylahy päklige, watansöýüjilige esaslanýar.

Öremuhammet REJEPOW,
Köneürgenç etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar