Ýurdumyzda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly öz işini tamamlady

16 Noýabr 2024
245

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady. Bu medeni çäre myhmansöýer türkmen topragynda türki döwletleriň kino sungatynyň wekillerini bir ýere jemläp, ony geçirmek başlangyjynyň esasynda goýlan parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgeleriniň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Kinofestiwalyň üçünji güni Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan tanyşlyk çäresi bilen başlandy. Muzeýde maddy we medeni mirasymyzyň gymmatlyklary, gölleriň üsti bilen halkymyzyň şöhratly taryhyny şöhlelendirýän bahasyna ýetip bolmajak haly eserleriniň ýüzlerçesi görkezilýär. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen, çeperçilik gymmaty we özboluşly dokalyş aýratynlyklary boýunça örän seýrek duş gelýän haly önümleriniň jemlenmegi muzeýiň el halylaryny gorap saklamaga, öwrenmäge, wagyz etmäge ýöriteleşen edara hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini subut edýär. Häzirki wagtda bu naýbaşy sungat eserleri daşary ýurtly myhmanlarda çuňňur gyzyklanma döredip, bütin dünýäde meşhur bolan türkmen halylarynyň gözelligini we kämilligini açyp görkezýär.

Beýleki habarlar