Hünäre söýgi — üstünlikleriň gözbaşy

15 Noýabr 2024
308

“Eger gowy mugallym boljak bolsaň, onda öwredýän sapagyňy, mugallymçylyk käriňi we senden öwrenýän öwrenijileriňi jandan söýmeli” diýen dana müň keren mamla. Çünki kärini söýen, höwes bilen zähmet çekýän, işinde halallyga gol berýän adam durmuşda öz ornuny tapýar, üstünlikler oňa ýaran bolýar. Mugallymyň üstünligi bolsa onuň okuwçylarynyň bagtyýar adamlar bolup ýetişmekleridir. Öwrenmek we özleşdirmek bilen eýe bolan hünärlerinde alkyşa mynasyp bolmaklarydyr. Ykbalyň akabalarynda mugallymdan öwrenen tälimleriniň, nesihatlarynyň, özleşdiren biliminiň, alan tejribesiniň üsti bilen belent derejelere ýetmekleridir. Olaryň gözlegleriniň netijeleriniň üstünliklere beslenip, döredijilikli zähmetiniň miweleriniň mähriban Diýarymyzyň ösüşlerine goşant bolmagyny görmek buýsanjydyr.

Mugallymçylyk hem ýaşlara ylym-bilim öwredýän kär, hem-de olaryň ilhalar, ata Watanymyza wepaly, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmeginde ähmiýetini hiç döwür ýitirmejek iň wajyp kärdir. Mugallymçylyk käri ýaş nesillere göreldeli edep-terbiýäni, asylly ýörelgeleriň mazmunyny ýaýýan kärdir. Mugallymlar bar zehinini, başarnygyny, erjelligini, tejribesini kärine siňdirmegi başaran ýagdaýynda kämil şahsyýetler kemala gelýär. Dünýäde kär, hünär kän. Ýöne islendik hünäri, hünärmeni alanyňda hem, olaryň gözbaşynda şol hünäri ýaýbaňlandyrmak hem-de ony hünärmene öwretmek işinde mugallymçylyk käri, mugallymlaryň irginsiz zähmeti bar. Gurluşykçy, aýdymçy, lukman, sazanda, sürüji, satyjy, suratçy, umuman, islendik käre baş urmak, olary durmuşyňda esasy zähmet ýoluňa öwürmek üçin mugallymdan tälim almaly, mugallymyň bilim, görelde mekdebinden geçmeli. Mugallymyň, halypanyň kämillik mekdebinden geçen ýaşlar, şägirtler özüniň durmuş ýoluny dogry gurmagy başarýarlar.

Çynar GYLYJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar