Çörek mukaddesligi

14 Noýabr 2024
280

Türkmen halky ýedi zady has mukaddes hasaplaýar: Watan, ene-ata, Gurhan, çörek, maşgala, öwlüýä, namazlyk. Mukaddes zatlar hiç wagt harlanylmaýar, gözüň göreji ýaly goralyp saklanylýar. Aslynda halkymyzda «türkmençilik» diýlip atlandyrylýan medeniýet dürli mukaddeslikleri has çuňňur düşünjä öwrüpdir, däpleri hem ynançlary mazmun taýdan giňeldipdir. Bu çörek babatda-da şeýle. Çörek mukaddesligi tamdyr, kendirik, saçak mukaddeslikleriniň döremegine getiripdir we olar bir bitewi düşünjä öwrülipdir.

Türkmen medeniýetinde dutara mukaddeslik hökmünde garamak hem onuň tamdyr bilen baglylygyndan bolup biler. Sebäbi dutarçy ussalar dutar ýasanlarynda, onuň kädisini tamdyra tutup, göwnejaý bişirýärler. Dutara «tamdyra» diýilmegi hem şonuň bilen bagly bolmagy mümkin.

Maral HOJADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar