Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

14 Noýabr 2024
204

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň 25-nji okt­ýabr­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ne türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gat­naş­dy.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimize hem-de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, 24-nji okt­ýabr­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­na 79 ýyl bo­lan­dy­gy­ny, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­riş bi­len du­şuş­ma­gy­nyň, ony gu­ra­ma­nyň gü­ni bi­len gut­la­ma­gy­nyň äh­li­miz üçin uly mer­te­be bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri dün­ýä­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de yk­rar edi­len Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ka­zan şä­he­rin­de ge­çi­ri­len BRICS sam­mi­tin­de eden çy­ky­şy­nyň hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Beýleki habarlar