Kämil mugallymyň şahsyýetiniň çeper beýany

14 Noýabr 2024
284

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bilim özgertmeleri mugallymlaryň öňünde ýaş nesli kemala getirmek boýunça täze wezipeleri, şol sanda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleri üstünlikli amala aşyrmaga taýýar ýaşlary terbiýelemek wezipesini goýýar. Şoňa görä-de, mugallymyň şahsyýetine ýokary talaplar bildirilýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň berkararlygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri ýaş nesillerimiziň aňyna ýetirmekde, gujur-gaýratly, ylymly, bilimli we dörediji ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmakda mugallym diýen belent ada mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr».

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, mugallym ösüp gelýän ýaş nesli okatmak we terbiýelemek işinde esasy şahsyýet bolup durýar. Halka hyzmat edip, jemgyýetde hormat-sylaga mynasyp bolup, ömrüni mugallymçylyk kärine bagyşlan, ilhalar ynsan, watançy esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýew ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir. Berdimuhamet Annaýewiň ömri we döredijiligi barada Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» romanynda çeper beýan edýär.

Döwran DÖWLETGELDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar