Tennis sportunyň geljegine uly ynam bildirilýän ýaş ýyldyzlarynyň türkmen paýtagtynyň açyk birinjiligindäki duşuşyklary gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumyna müňlerçe tomaşaçyny ýygnan düýnki duşuşyklar hem garaşylan we garaşylmadyk netijelere baý boldy. «Ashgabat Open 2024» ýaryşynyň ilkinji iki gününe mahsus bolşy ýaly, üçünji tapgyryň duşuşyklarynda hem türkmen tennisçileriniň görnetin öňe saýlanandygyny, olaryň güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden üstün çykandygyny turuwbaşdan nygtamak gerek.
Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda tennis sportunyň geljegi üçin iňňän uly ähmiýete eýe bolan ýaryşyň duşuşyklary meýdançalaryň birbada bäşisinde alnyp barylýar. Düýn tapgyryň çäginde ir sagat 09:00-dan 14:00-a çenli aralykda ýekelikdäki duşuşyklaryň 28-si geçirildi. Ir sagat 09:00-da başlanan duşuşyklarda Birleşen Arap Emirliklerinden gelen Mohamed Saleh Al Ali, ildeşlerimizden Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony Ilima Guseýnowa, Sapar Gylyjow, Begençgeldi Hummetow we Ýunus Annamyradow dagy nobatdaky ýeňşini gazanan bolsa, sagat 10:00-da başlan duşuşyklarda Süleýman Hudaýberdiýew, Aly Geldiýew, Nazar Amangeldiýew, Gowşut Söýünow (Türkmenistan) we Garet Lim Hao Ze (Malaýziýa) dagy ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak üçin mümkinçilik gazandylar.