Bagy-bossanly Diýarymyz

13 Noýabr 2024
211

Ata-babalarymyz ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşip, oňa aýawly garamak bilen, her daban ýeri gözüň göreji kimin goramagy başarypdyrlar. Tebigata aýawly çemeleşmek babatdaky şeýle asylly ýörelgeler nesilden-nesle geçip, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Altyn güýzde, bereket-bolçulygyň baýramy — Hasyl toýy bilen utgaşyklylykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen bag ekmek boýunça ählihalk dabarasynyň geçirilmegi ata Watana, ene topraga belent söýginiň nyşanydyr.

Bag — zemine zynat. Bagy-bossanlyga bürenen, gül-gülzarly ýerlerde ýaşaýan adamlaryň has ruhubelent, şähdaçyk, keýpiçag bolýandygyny ylym bireýýäm subut etdi. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesi esasynda tutuş ýurdumyzda ýaş agaç nahallaryny oturtmaga, täze-täze tokaý zolaklaryny döretmäge aýratyn üns berilýär. Şol maksat bilen, her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda bag ekmek möwsümleri guramaçylykly geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekmek dabarasy hem ildeşlerimiziň müňlerçesini ata-babalarymyzyň sogaply işlerini dowamata besläp, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ýaly asylly maksadyň daşyna jebisleşdirdi.

Durdymuhammet BAÝMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar