Watana söýgi — iň beýik duýgy

13 Noýabr 2024
258

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň şan-şöhraty halkymyzyň eşretli durmuşynyň, parahatçylygyň we abadançylygyň, özara ynanyşmagyň hem-de ylalaşygyň kepili bolup, dünýä ýüzüne aýlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşlerden-ösüşlere barýan halkymyzyň kalbynda Watan beýikligi, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk mukamy belentden-belent ýaňlanýar.

Watan düşünjesi örän uly we çuň mana eýe bolmak bilen, her bir ynsanyň diliniň senasy, kalbynyň joşgunydyr. Watanyň näderejede belentdigine, onuň ýönekeý bir düşünje däl-de, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyna, mukaddeslikdigine Gahryman Arkadagymyzyň ýürek joşgunyndan, milli buýsanjyndan syzylyp çykan «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitaplaryny okanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Pälwan HUDAÝGULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar