Her bir ynsan saýlap alan hünäriniň ussady bolmak üçin janaýaman zähmet çekýär. Şeýle hünäriniň ussady, 32 ýyl bäri bilim ulgamynda zähmet çekip gelýän mugallymlaryň biri-de Gülöwser Mollaýewadyr. Mugallym ilki Daşoguz welaýatyndaky Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebini, soňra Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyny üstünlikli tamamlap, dürli ýyllarda dürli mekdeplerde zähmet çekdi. Ol Baýramaly şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy Oguloraz Orazowadan okatmagyň inçe syrlaryny öwrendi. Şu günki gün bolsa, Gülöwser mugallymyň özi ýaş mugallymlara halypalyk edýär.
Häzirki wagtda ussat mugallym Baýramaly şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 18-nji orta mekdepde başlangyç synp hem-de türkmen dili we edebiýat mugallymy bolup işleýär. Gülöwser mugallym özüniň ugurtapyjylygy, maksada okgunlylygy bilen 1-nji synp okuwçylarynyň zehinini, bilimini artdyrmak üçin bar yhlasyny gaýgyrmaýar.