Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

13 Noýabr 2024
272

Halkymyzy öňdengörüjilikli, çuň pähim-paýhasa ýugrulan döwlet syýasaty bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşda bagtyýar ýaşadýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda güneşli Diýarymyz tutuş dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň hem-de jebisligiň höküm sürýän, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýan ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Ata Watanymyzyň ykdysadyýetde, syýasatda hem-de ynsanperwer ulgamlarda çalt depginler bilen ösýän kuwwatly döwlet hökmünde ykrar edilmegi belent abraý-mertebäniň, gazanylýan köptaraply üstünlikleriň kepilidir. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň döwlet syýasatynyň hem-de durmuş-ykdysady ösüşleriň ählisiniň özenini düzýän «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelere berk eýermek bilen gazanylýan üstünlikleriň netijesinde merdana, zähmetsöýer, agzybir halkymyz abadan, bolelin, eşretli durmuşyň hözirini görýär.

Dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň biri bolan eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän guwandyryjy hem buýsandyryjy işleriň, öňe sürülýän beýik başlangyçlaryň ählisiniň özeninde adam hakyndaky alada durýar. Bu gün halkymyz beýik ösüşleriň, düýpli özgerişleriň belent ruhy bilen galkynýar. Ata Watanymyzda gurulýan ajaýypdan-ajaýyp binalar, ägirt uly ykdysady ähmiýeti bolan önümçilik desgalary nazaryňy özlerinde egläp, kalbyňy heýjana salýar. Olaryň depesinde ýaşyl Tugumyz erkinligiň, döwletliligiň nyşany bolup, Zemin içre buýsanç bilen parlaýar. Bu gün baky berkarar döwletimiz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň, ajap eýýamynyň hakyky we dünýä nusgalyk mekanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli beýik işleri barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, döwletleriň, halklaryň arasynda täze-täze hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk ýollarynyň giňeldilmegine gönükdirilen ajaýyp, ynsanperwer başlangyçlary jahan içre ykrar tapýar. Bu hakykata biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary döwletlere bolýan iş saparlarynyň dowamynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän möhüm meseleleriniň her birinde bütin adamzadyň abadançylygynyň, gülläp ösüşiniň göz öňünde tutulýandygy, dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolýandygy örän buýsandyryjydyr hem guwandyryjydyr.

Toýmämmet REJEBOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar