Hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

12 Noýabr 2024
254

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygyň hukuk esaslaryna daýanyp, halkara gatnaşyklaryny barha berkidýän ýurdumyz durnukly ösüşiň, bagtyýar raýatlaryň Watany, halkara sport ýaryşlarynyň merkezi hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelen hoş habar ýurdumyzyň günsaýyn artýan halkara abraýynyň ykrar edilmeginiň, ylalaşdyryjylygyň, döredijiligiň daşary syýasy ugruny işjeň we maksada gönükdirip amal edýändiginiň, hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň tassyknamasy boldy. Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginde goldanylmagynyň esasy wajyp tarapy onuň halkara hukugynyň ösüşine mynasyp goşant bolup durýandygyndadyr. Bu resminamanyň awtordaşy hökmünde dünýäniň 87 döwletiniň çykyş etmegi, bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlerine berlen ýokary bahadyr. Resminamanyň esasy maksady halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy, döwletara dialogy we ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin gural hökmünde sportuň mümkinçiliklerini amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlaryň guralmagy we geçirilmegi, sport ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurdaky milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistan diňe bir iri halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine hem öwrüldi. Türkmen türgenleri halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler. Ruhubelent, sagdyn nesilleri kemala getirmekde, halkyň, onuň geljegi bolan ýaş nesliň saglygyny goramakda, milli sporty halkara derejesine çykarmakda şeýle başlangyçlar juda ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşinde ruhy we beden taýdan sagdyn, sazlaşykly nesli kemala getirmegiň esaslaryny goýmakda gazanylan uly üstünlikler buýsandyryjydyr.

Gözel ALLANAZAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar