Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmekde beýik işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş babatda halkara hyzmatdaşlygy kabul edilýän Maksatnamalarda öz beýanyny tapýar.
Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýän, şeýle hem ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri kemala getirmek boýunça beýik işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary ulanmaga berilýär. Bularyň ählisi bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini has-da döwrebaplaşdyrmagy talap edýär.