Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary okuw dersleri boýunça halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere taýýarlamak, olaryň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak wajyp wezipeler bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, orta mekdepleriň okuwçylarynyň okuw derslerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikler geçirilýär. Bu bäsleşikleriň çäginde okuw dersleri boýunça taslamalar (ylmy-döredijilik) bäsleşikleri hem guralýar.
bäsleşikleriň okuwçylary dersler boýunça halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere taýýarlamakda ähmiýeti uludyr. Bäsleşigiň döwlet tapgyrynda üstünlikli çykyş eden ýurdumyzyň mekdep okuwçylary dersler boýunça halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Muňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda geçirilen mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynda okuwçylarymyzyň gazanan netijeleri hem şaýatlyk edýär. Bu olimpiadada mekdep okuwçylarymyz jemi 24 medaly, şol sanda 4 altyn, 12 kümüş, 8 bürünç medaly gazanmagy başardylar.