Taryhy wakalara, düýpli ösüş-özgerişlere beslenýän üstümizdäki ýylyň on aýy üstünlikli tamamlandy. Şanly ýylda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri hem yhlasly zähmet çekip, tebigy gazyň öndürilişini barha artdyrýarlar. Olar şu ýylyň geçen on aýynda tebigy gazyň 8 milliard 417,5 million kub metrden gowragyny öndürip, bu baradaky meýilnamany abraý bilen berjaý etdiler. Müdirlik boýunça Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine berlen «mawy ýangyç» bolsa 4 milliard 821 million kub metrden hem gowrak boldy. Munuň özi on aýyň degişli meýilnamasynyň 130 göterimden gowrak berjaý edilendiginden habar berýär. Bu harytlyk önümiň aglaba bölegi bolsa dostana Hytaý döwletiniň sarp edijilerine bökdençsiz ugradylýar.
— Baýlyk çykaryjylarymyz tebigy gaz bilen birlikde gaz kondensatynyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ugrunda hem ýadawsyz alada edýärler. Şonuň netijesinde bu gymmatly çig malyň bolluk bilen öndürilmegi gazanylýar — diýip, müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow gürrüň berýär.