«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleriniň hünärmenleri şu günler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da gaýratly zähmet çekýärler. Tutuş trest boýunça geçen dokuz aýda gazuw işleri tamamlanyp, uglewodorod çig mallaryny çykaryjylara tabşyrylan jemi 20 sany guýynyň 19-synyň ulanyş maksatly guýulardygy hem bu ugurda has belent sepgitlere ynamly gadam urulýandygyndan habar berýär. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça senagat taýdan özleşdirilýän ýataklardan «gara altyn» çykarmagyň meýilnamalarynyň artygy bilen berjaý edilmeginde hem burawlaýjylaryň mynasyp paýy bar.
Soňky ýyllarda konserniň buraw işlerini alyp barýan müdirlikleri Germaniýada, ABŞ-da, Hytaýda we Russiýada öndürilen iň täze enjamlardyr desgalara eýe boldular. Bu kämil enjamlardyr kuwwatly buraw desgalarynyň 7 müň metre çenli çuňluk geçmäge ukyplydygyny aýratyn nygtamak gerek. Hut şu ýagdaýyň özi miosen gatlaklaryndaky nebitiň täze, çuň ýataklaryny açmaga we özleşdirmek üçin elýeterli gorlaryň möçberlerini ep-esli giňeltmäge ygtybarly esas döredýär. Konserniň düzüminde 1998-nji ýylda döredilen «Nebitgazburawlaýyş» tresti nebit, gaz, ýodbrom hem-de ýörite guýulary gazmak üçin ýöriteleşdirilen kärhanadyr. Trestiň degişli müdirlikleri: