WAGTYŇY DOGRY PEÝDALANMAK: BU GÜNKI IŞIŇI ERTIRE GOÝMAZLYK WE TAÝM MENEJMENTIŇ ÄHMIÝETI
Her günüň öz maksatlary, işleri we mümkinçilikleri bar. Düýpli sebäp bolmazdan, şu günki edilmeli işleri ertire, ertirki işleri bolsa başga günlere geçirmek bilen biz, aslynda, iň bir gymmatly zadymyzy — wagtymyzy ýitirýäris. Her geçen pursat, her geçen gün ömür kitapçasynda bir sahypanyň ýapylmagyna meňzeýär. Sebäpsiz soňa goýulýan iş ömrüň belli bir böleginiň hem boş geçýändigini aňladýar. Şu meseläni günümiziň temasyna öwürmek üçin Magtymguly atamyzyň bize ündewleri ýol-ýörelgedir. Wagty nähili ulanmalydygy baradaky pikirler akyldaryň tutuş döredijiligini gurşap alýar. Şu makalada Magtymguly Pyragynyň wagt baradaky taglymatynyň käbir durmuşy jähetlerini ildeşlerimiz bilen paýlaşmagy maksat edinýäris.