Ýylyň her paslynda dürli miwedir gök önümleriň bolşy ýaly, tebigy we howa şertlerine görä, Ýer ýüzüniň dürli ýerlerinde dürli hili jandarlar we ösümlikler bar. Olaryň käbirini hemişe diýen ýaly görýän bolsak, käbiri barada asla eşiden hem däldiris. Sebäbi dünýädäki ösümlikleriň we jandarlaryň görnüşi sanardan has kän. Şu sanymyzda köpümize mälim bolmadyk ösümlikleriň käbiri barada maglumat bermegi makul bildik.
“Çörek agajy” – bu ösümlige latynça “artocarpus incisa non seminifera” diýilýär. Onuň ata Watany Ýuwaş ummanynyň kenarlaryndaky tropik sebitler hasaplanýar. Goşa-goşadan düwýän miweleriniň diametri 10-17,5 santimetr aralygynda, agramy bolsa 1,5 kilogram bolýar. Onuň ýapraklarynyň ululygy 25-50 santimetre barabar. Agajyň boýy 20 metre çenli bolup, ýylyň ähli paslynda miwe getirýär.