Bilim — kämilligiň binýady

10 Noýabr 2024
443

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň kalbyny buýsanja besleýär. Häzirki döwürde şeýle beýik işleriň hatarynda bilim özgertmelerini hem aýratyn bellemek gerek. Çünki bilim özgertmeleri ýaş nesliň kämil, bilimli hünärmenler bolup ýetişmeginiň, ösüşiň aýdyň ýoluny kesgitlemegiň esasy ugrudyr.

Ýaş nesilleriň kämilligi ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde täze wezipeler goýulýar. Şu nukdaýnazardan, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» möhüm ähmiýete eýedir. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi bilim işgärleriniň uly goldawyny gazandy. Ýurdumyzda bilim ulgamyndaky özgertmeler ösüp gelýän ýaş nesli okatmagy we terbiýelemegi has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Bu ugurda orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýatlary döwrebaplaşdyrylýar, iň kämil kompýuter we okuw-tehniki enjamlar bilen üpjün edilýär. Munuň özi okatmagyň iň döwrebap ugurlaryny ösdürmäge, ýaşlaryň sanly ulgama, ylmyň iň täze gazananlaryna düşünmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär.

Mähri WELIHANOWA,
Köýtendag etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar