Döwletmämmet Azady — beýik akyldar

10 Noýabr 2024
417

Türkmen edebiýatynda görnükli yz galdyran Döwletmämmet Azady beýik akyldar we şahyrdyr. Ol halkyň içinde «Garry molla» ady bilen hem tanalypdyr. Maglumatlara görä, Azady oba mekdebinde okanyndan soňra Hywadaky medreseleriň birini tamamlaýar. Ol şol ýerde türki ýazuw edebiýatynyň dilini, arap we pars dillerini oňat öwrenýär. Ol dilleriň üsti bilen bolsa Gündogar şahyrlarynyň, taryhçylarynyň, filosoflarynyň eserlerini özleşdirýär. Öz döredijiligini hem şol ugur boýunça dowam edýär. Döwletmämmet Azady halk köpçüligi bilen oňat aragatnaşyk saklany üçin geňeşdar hasaplanypdyr. Ol ýiti pähimi, giň gözýetimi bilen halkyň durmuşyna göz aýlapdyr. Beýik akyldar ýaşan döwründe türkmenleriň milli döwletiniň bolmagyny isläp, agzybirlik, dost-doganlyk ýaly adalatly pikirleri öňe sürüpdir. Onuň pikiri «Wagzy-Azat» eserinde giňişleýin beýan edilýär.

Şahyr «Wagzy-Azat» eserinden başga-da, eserleri, murapbaglary, birnäçe gazallary döredipdir. Olar dini äheňde ýazylsa-da, öz döwrüniň durmuşy, halkyň ýaşaýşy barada bolupdyr. Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserini dört bölege bölmek bilen, türkmen halkyna hyzmat etmäge çalşypdyr. Eserde ýurt parahatçylygyny berkarar etmek, ähli halky köp hasyl almaga çagyryş, ýerlerde köprüler, howuzlar, medreseler gurdurmak, adamlaryň arasynda oňat häsiýetleri döretmek ýaly pikirler beýan edilýär. Akyldar halk köpçüligine özbaşdak döwleti esaslandyrmaly diýen pikiri ündäpdir. Azadynyň döredijiliginiň halkylygy şu ýerde ýüze çykyp, onuň köpçüligiň bähbidini goramagy we döwrüniň möhüm meselelerini gozgamagy bilen baglanyşyklydyr. Onuň bu pikiri özünden soňky döwürde ýaşap geçen şahyrlarymyz tarapyndan hem gyzgyn goldanylypdyr. Biz bu pikiri, esasan hem, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde aýdyň duýýarys.

Amansähet ANNASÄHEDOW,
Aşgabat şäherindäki 125-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.
Beýleki habarlar