«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu möwsüme gowy taýýarlyk görmek bilen bagly degişli işleri geçirmek barada ýörite tabşyryk berdi. Agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek ýurt derejesinde, ählihalk işjeňligi netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin agaç nahallaryny ekmek çäresini ýokary guramaçylykly geçirmek baradaky tabşyryklary pederlerimizden gelýän bu asylly işe ýurt derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.