ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

7 Noýabr 2024
519

Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir.” diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmak, şeýle-de, milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan oglanlaryň arasynda “Merdana nesil – 2024” atly şadyýan bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşik barada giňişleýin maglumatlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yashlar.gov.tm saýtyndan alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-88-55, 44-88-85;44-86-40.

Beýleki habarlar