Kalpdan dörän keşpler

6 Noýabr 2024
244

Bize miras galan türkmen teatrynyň we kinosynyň halypalyk mekdebiniň, ýolunyň ilkinji başynda onlarça halypalaryň hatarynda Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Sabyr Ataýewa hem dur. Halypa artistiň çuň kalbyndan, irginsiz, yhlasly zähmetinden, esasan hem, tebigy zehininden dörän keşpler tomaşaçylaryň ençeme neslini terbiýeläp gelýär.

Ýüz ýyldan gowrak mundan öň, has dogrusy, 1917-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Bäherden etrabynyň Bamy obasynda gol doly maşgalada bir gyzjagaz dünýä inýär. Ene-atasynyň mähir-söýgüsinden boý alýan, ýaşajyk daragt kimin, ösüp gelýän gyzjagaz üç ýaşynda olardan jyda düşýär. Mährem ojagyň ýylysynda ezizlenmeli çaga ýetimler öýünde ulalmaly bolýar. Ene söýgüsiniň, ata mähriniň zarynda kämillik ýaşyna ýeten şol gyzjagaz — Sabyr ykbalynyň, ömrüniň manysyny adamlara söýgi paýlamakdan agtarýar. Ýollar ony 1936-njy ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky ýokary teatr mekdebine alyp barýar. Ol bu ýerde soňlugy bilen, türkmen teatr sungatynda özleriniň özboluşlylygy, aýratyn zehinleri bilen tapawutlanan Fahriýa Alyýewa, Täçbibi Gapurowa we ýene-de onlarça türkmen oglan-gyzlary bilen teatr sungatynyň inçe syrlaryny öwrenmekde bilim alýarlar.

Gülälek AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti.
Beýleki habarlar