Sagdyn iýmitlenmek iýmit önümleriniň biodürlüligi, kabul etmegiň tertibi, mukdary, hiliniň gözegçiligi ýaly görkezijileri öz içine alýar. Iýmit önümlerinde belogyň, ýagyň, uglewodlaryň, witaminleriň we mikroelementleriň gündelik ýeterlik mukdarda bedene düşmekligi hökmandyr.
Şonuň üçin hem tagam taýýarlananda düzüminde et, süýt, balyk, däneli we kösükli önümleriň bolmagy, olaryň özara sazlaşyk düzgünleriniň berjaý edilmegi zerurdyr.