Ulgam ösüş ýolunda

6 Noýabr 2024
285

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimi we ylmy ösdürmäge, döwrebap tehnologiýalara erk edýän ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Türkmen ylmyny we bilimini belent sepgitlere çykarmaga hem-de bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistan sanly ulgamda tejribäni artdyrmak maksady bilen öz hünärmenlerini daşary ýurtlara iberýär hem-de ýurdumyza dürli ugurlardan daşary ýurtly hünärmenleri çagyrýar.

Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda okatmagyň öňdebaryjy, täze usullary giňden ornaşdyrylýar. Interaktiw, multimedia tagtalarynyň ulanylmagy sapak geçmek işini ýeňilleşdirmäge, alnan bilimleriň has çuňlaşdyrylyp özleşdirilmegine, öwrenilýän temanyň many-mazmunyna has çuň düşünilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýan dünýä tejribesi mugallym üçinem, ýaş nesil üçinem bahasyz gymmatlykdyr, täzelikdir. Munuň özi ýurdumyzyň bilim ojaklarynda alnyp barylýan işleriň hilini gowulandyrmaga, ösüşiň täze belentliklerine çykmaga mümkinçilik döredýär. Ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwri döredijilikli pikirlenýän, döwrebap maglumat kommunikasion tehnologiýalardan baş çykarýan, öz ene dilini oňat bilýän, daşary ýurt dillerinden habarly, ökde nesilleriň terbiýelenmegini talap edýär. Her bir döwletiň ykdysadyýetiniň ösüşinde ileri tutulýan möhüm wezipeleri çözmekde milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegiň ähmiýeti uludyr. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, ylmy-tehniki ilerlemäniň ösüş derejesine laýyk bilim ulgamy okgunly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir.

Wepamyrat BABEKOW,
TOHI-niň mugallymy.
Beýleki habarlar