Ýokary hilli önümleri bilen müşderileriň isleglerini kanagatlandyrýan hususy önümçilikleriň hatarynda Türkmenabat şäherindäki «Bat» haryt nyşanly jorap önümçiligini hem görkezmek bolar. Hususy kärhananyň agzybir işçi-hünärmenleri şu günler önjeýli işläp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň görkezijileri boýunça bu ýerde 527 müň 460 jübüt jorap önümleri, ýagny, 1 million 352 müň manatlyk önüm taýýarlanylyp, ýokary netije gazanyldy.
Önümçilik 2017-nji ýylyň iýul aýynda telekeçi Atamyrat Jumakulyýew tarapyndan esaslandyryldy. Hususy önümçilikde ykjam, göze gelüwli milli nagyşlarymyz bilen bezelen, ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän joraplar taýýarlanylýar. Öndürilýän önümleriň düzüminiň 75 göterimini pagta, 22,5 göterimini spandeks, 2,5 göterimini hem elastan düzýär. Hususy önümçilikde, ilkinji nobatda, ilatdan gelýän teklipler, müşderileriň islegleri giňden öwrenilýär. Joraplaryň reňk sazlaşygyna, bezeg aýratynlyklaryna, dokalyş we tikiliş hiline, möwsümleýin aratapawudyna uly üns berilýär. Şeýle-de bu ýerde jorap önümleri her pasla görä taýýarlanylýar.