Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy edebi pikiri çeper beýan etmegiň juda kämil tejribesini edebiýata getiren ajaýyp söz ussadydyr. Ol söze täze mazmun berip, oňa erk edip bilen beýik şahyrdyr. Munuň şeýledigini şahyryň uç-gyraksyz çeperçilik dünýäsi aýdyň tassyklaýar. Akyldar Pyragynyň dünýägaraýşynda ruhuň hem ylmyň aňyýet bitewüligi, dünýewi hem ylahy düşünjeleriň adamzadyň belent maksatlaryna gönükdirilmegi we ynsanyň ýaşaýşyna çuň many-mazmun berýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryň ulgamlaýyn häsiýeti şahyryň döredijilik güýjüniň egsilmez çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Magtymgulynyň döredijiligi türkmeniň halk-millet hökmünde öz-özüni ykrar etmegi bolup orta çykýar. Şahyryň döredijiliginde şahsyýetiň özüni adam hökmünde ykrar etmegi adamzat meselesi bilen utgaşýar. Dana şahyryň liriki gahrymany okyjyny Adam diýen beýik ada mynasyp bolup ýaşamaga çagyrýar. Ol her bir adamyň durmuşynyň jemgyýet bilen aýrylmaz arabaglanyşykdadygy üçin adamzadyň kämil ynsan gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtaýar. Söz ussadynyň ýaşaýyş hem jemgyýet hakyndaky garaýyşlary umumadamzat derejesindäki ylmy-intellektual gymmatlyk hökmünde şahyry dünýä giňişligine çykarýar we ony akyldar mertebesine eýe edýär. Akyldar şahyr adamlaryň bähbidine ýugrulan beýik maksatlarynyň amala aşmagy üçin döwletiň gerekdigine düşünipdir we ýurt binasy — döwleti gurmagy wesýet edipdir: