Il saglygy — ýurt baýlygy

6 Noýabr 2024
252

Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän halkymyzda saglyk baş baýlyk hasaplanýar. «Bar zadyň sakasy saglyk», «Saglygym — baş baýlygym», «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen aýtgylar munuň subutnamasydyr. Hut şu nukdaýnazardan, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler bolsa adam hakyndaky aladany özünde jemleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, täze-täze hassahanalar, saglyk öýleri, ylmy-kliniki merkezler we beýlekiler gurlup ulanmaga berilýär.  Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bilen alnyp barylýan işler mynasyp netijesini berýär. Munuň özi merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işleriň aýdyň mysalydyr.

Hakberdi AMANOW,
Gyzylarbat etrap döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar