Howanyň ähli ýerde birmeňzeş bolmaýşy ýaly, pasyllar hem Zeminiň dürli künjeklerinde dürli häsiýeti bilen tapawutlanýarlar.
Türkmen tebigatyna bereketli hasyly bilen gadam goýan güýzi biziň halkymyz toý-baýramlaryň pasly hasaplaýar. Çünki ildeşlerimiz güýzüň hakyky keşbini bol miweläp, başyny egip oturan baglarda, tylla reňke çaýylan ýapraklarda görýärler. Şonuň üçin il arasynda ýylyň bu möwsümine agraslygyň, goýazylygyň döwri hökmünde-de garalýar. Geliň, dünýäniň käbir ýurtlarynda güýzüň soňky aýynyň keşbine gaýybana syn edeliň!