Bilim — ösüşiň berk binýady

5 Noýabr 2024
556

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesiller hakynda alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Şeýle hem bilim ulgamyny ösdürmekde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi kämil nesliň kemala gelmeginde, okatmagyň täze usullarynyň ýola goýulmagynda örän möhümdir.

Eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglarydyr dynç alyş we sagaldyş merkezleri uly işleri alyp barýarlar. Ýaş nesilleriň kämil, bilimli bolup ýetişmekleri, döwrebap bilimleri özleşdirmekleri üçin bilim ojaklarynda sazlaşykly işler ýola goýulýar. Munuň özi ylmy nukdaýnazarlaryň, dünýäniň tejribesiniň, milli ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şeýle ýörelgeleriň sazlaşykly alnyp barylmagy bilim özgertmeleriniň rowaçlygyny üpjün edýär.

Aýbölek YLÝASOWA,
Aşgabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar