Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

5 Noýabr 2024
509

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylma esaslanýan özgertmelere, döwrebap tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler ösüşiň möhüm ugruny kesgitleýär. Şunda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwrebap bilimlere düşünýän ýaşlary kemala getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglanyşykly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda täze tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Sanly ykdysadyýet döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny, şol sanda dolandyryş, pudaklaýyn, işewür düzümleri, önümçilik we söwda, medeni-durmuş pudaklaryny, raýatlaryň durmuşyny gurşap alýar. Şunda sanly tehnologiýalar öz artykmaçlygyny görkezip, bar bolan kuwwaty doly durmuşa geçirmäge goşmaça itergi berýär. Şeýle hem ol bilimiň, hyzmatlaryň hilini gowulandyrýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, sanly ulgamyň mümkinçilikleri örän giň we bu mümkinçilikler döwrebap ösüşleriň binýady bolup durýar.

Ykdysadyýetde häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy ýurdumyzda elektron senagatynyň ösmegine, şeýle-de milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze derejä geçmegine ýardam eder. Häzirki wagtda elektron senagatyň ösdürilýändigini, ösen tehnologiýa enjamlaryň, kompýuterleriň ýurdumyzda öndürilýändigini hem bellemek gerek. Bu ösen kompýuter enjamlary ýaş hünärmenleriň, esasan hem, sanly tehnologiýalara düşünýän ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny alamatlandyrýar. Sanly ulgama düşünýän, bilimli hünärmenleriň artmagy edilýän hyzmatlary tizleşdirmek, wagty we maddy serişdeleri tygşytlamak ýaly ýeňillikleri döredýär hem-de ýurdumyzy ykdysadyýetde sanly ulgamy ulanmakda öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirýär.

Güljeren NAZAROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.
Beýleki habarlar